Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň täze hem-de häzirkizaman binasy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda guruldy. Ýük terminaly ─ iki gatly binadan ybarat bolup, onuň birinji gatynda Önümçilik bölümi, ikinji gatda bolsa Edaranyň ofisi ýerleşýär.
Önümçilik bölümi import hem-de eksport zolaklardan düzülýär we saklaýjy ulgam üçin ätiýaçlyk ýeri, daşaýjy hem-de rolgangly platformalary özünde jemleýär.
Ýük terminaly gije-gündiz işleýär, ýükleriň ähli görnüşlerini daşamak, saklamak we taýýarlamak boýunça hyzmatlaryň tutuş toplumyny ýerine ýetirýär. Bu ýerde Aşgabadyň üstünden Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň howa menzillerine geçip gidýän ýükleriň gümrüknamalary resmileşdirilýär we beýleki howa menzillerine ugradylýar.
Habarlaşmak üçin Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň salgylary:
744008, Тürkmenistan, Aşgabat şäheri
Aşgabat Halkara howa menzili, Ýük terminaly.