Howa menziliň hyzmatlary

Elektron enjamlara zarýad bermek

Biz şu günki durmuşymyzy elektron enjamsyz göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Biz olaryň uçýan-gonýan hem-de bir ýurtdan beýlekisine geçýän wagtlarymyzda özümize niçiksi zerurdygyna düşünýäris. Siz öz elektron enjamlaryňyzyň akkumulýatorlaryna zarýad bermek üçin mobil gurnawlaryň ýörite kreslolarynyň kömeginden peýdalanyp bilersiňiz. Olar Aşgabat Halkara howa menziliniň daşary ýurtlara uçulýan gatnawlara garaşylýan zolagynda ýerleşýär. Mobil gurnawlar   elektron enjamlaryňyzyň diňe akkumulýator batareýalaryna zarýad bermek üçin niýetlenendir (ýere çatylan 220 W rozetkalar).